Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 10:5 - Mukaddes Kitap

5 Şonuň üçin Mesih dünýä gelende, Hudaýa şeýle diýdi: «Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; emma Maňa bir beden taýynladyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Шонуң үчин Месих дүнйә геленде, Худая шейле дийди: «Гурбанлык билен садаканы Сен ислемедиң; эмма Маңа бир беден тайынладың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 10:5
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn.


Liwan jeňňeliniň oduny ýeterlik bolmaz, mallary ýakma gurbanlyga azlyk edýär.


Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.


Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek, eý, biwepa gyz? Reb dünýäde täze zat ýaratdy: aýal goraýar erkegi».


Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».


«Şol gelmeli Mesih Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip soratdy.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Emma bellenilen wagt ýetip gelende, Hudaý Öz Ogluny iberdi. Ol aýaldan doglup, Mukaddes Kanuna laýyklykda ýaşady.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi.


Biz bu isleg boýunça, Isa Mesihiň bedeniniň ähli zat üçin bir gezekde gurban edilmegi arkaly mukaddes edildik.


Şonda diýdim: „Ine, Men! Kitapda Men barada ýazylgy. Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmäge, ine, Men geldim“».


Mesih ilki bilen Kanunyň talap edýän gurbanlyklary barada söz açyp, Hudaýa: «Sen gurbanlyk bilen sadakany islemediň, ýakma hem günä gurbanlygy-da göwnüňden turmady» diýdi.


Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


Her bir baş ruhany sadakalar hem gurbanlyklar hödürlemek üçin bellenilýär. Şu sebäpden biziň Baş Ruhanymyzyň hem gurbanlyk hödürlemegi gerekdi.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesihiň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesihiň duşmanydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ