35 Şonuň üçin hem, ynamyňyzy ýitirmäň, munuň sylagy uludyr.
35 Шонуң үчин хем, ынамыңызы йитирмәң, мунуң сылагы улудыр.
Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin.
Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».
Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.
Şonda sen ýalkanarsyň. Çünki olar saňa öwezini dolup bilmezler, munuň öwezi saňa dogry adamlaryň direlen wagty berler» diýdi.
Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.
Isa Mesih we Oňa bolan imanymyz arkaly biz Hudaýyň huzuryna uly ynam we batyrgaýlyk bilen ýakynlaşyp bilýäris.
Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Isanyň gany arkaly indi biz Iň mukaddes otaga batyrgaýlyk bilen girip bilýäris.
Musa Mesihiň ugrunda kemsidilmelerini Müsüriň hazynalaryndan has uly baýlyk saýdy, sebäbi ol özüniň aljak beýik sylagyna umyt baglaýardy.
Hudaýyň perişdeler arkaly aýdan habary berk bolup, günä edenler ýa-da bitabyn bolanlar öz adalatly almytyny alýardylar.
Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.
Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.
Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr.
Şonuň üçin ägä boluň. Çeken zähmetiňizi ýele sowurman, onuň rähnetini doly görer ýaly, berk duruň.