Indi, seret, Rebbiň eli saňa garşydyr, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli gün şöhlesini görmersiň» diýdi. Şol pursadyň özünde onuň gözüni duman örtüp, garaňkylyk gaplady. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam gözläp başlady.
Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar.