Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 10:29 - Mukaddes Kitap

29 Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Шейле болса, Худайың Оглуны аяк астына салана ондан-да агыр җезаның гарашяндыгыны гөз өңүне гетирип гөрүң! Месихиң әхт ганы билен пәкленип, соңам муны мурдар хасаплаяның ве мерхемет Рухуны рысва эдйәниң халы ничик болар?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 10:29
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehu olara: «Izebeli ýere taşlaň» diýip gygyrdy. Şeýdip, olar Izebeli ýere taşladylar. Onuň gany diwaryň, atlaryň ýüzüne syçrady. Atlar onuň jesedini basgyladylar.


Sensiň şalara ýeňişler berýän, bendäň Dawudy zalym gylyçdan azat eýleýän.


Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar.


Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.


Emma terk edilen çaga kimin gabryňdan daşary atyldyň; gylyçdan geçirilen, gabryň daşly düýbüne atylan jesetler bilen örtülýärsiň. Aýak astynda depelenen maslyk deý,


Efraýymyň serhoşlarynyň buýsanjy bolan täji aýak astynda depelener.


Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.


«Men seni eneňiň göwresinde şekil bermezimden öň tanadym. Eneden dogulmazyňdan öň seni Özüme bagyş etdim, milletlere pygamber belledim».


Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.


Men gapdalyňdan geçenimde, seniň öz ganyňa bulaşyp ýatanyňy görüp: ‘Diri gal!’ diýdim.


Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?»


«Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.


Mukaddes zady itlere bermäň. Dürleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň. Ýogsam olary aýaklary bilen depeläp, soňra özüňizi parçalaýmasynlar.


Olar Isanyň şägirtlerinden käbiriniň elini ýuwman nahar iýip, ýahudylaryň dessuryny bozandygyny gördüler.


Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetiren bagyşlanmaz.


onda näme Meni Hudaýyň Ogly diýenim üçin küpür geplän hasaplaýarsyňyz? Meni bolsa Atam Özi üçin saýlap-seçip, dünýä iberdi.


Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim.


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý bolsa tiz wagtda şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!


Şunlukda, kimde-kim mynasyp bolmadyk tärde bu çörekden iýse ýa-da Rebbiň käsesinden içse, Onuň bedeni we gany babatda ýazykly bolar.


Kimde-kim Rebbiň bedenini äsgermän iýip-içse, öz-özüni Hudaýyň hökümine duçar edýändir.


Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir.


Çünki Hudaý «ähli zady Onuň aýagynyň astynda goýdy». Hawa, Hudaý ähli zady Mesihiň aýak astynda goýdy. Ýöne «ähli zady» diýlende, munuň Hudaýa degişli däldigi mese-mälimdir.


Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.


Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.


Biz bu isleg boýunça, Isa Mesihiň bedeniniň ähli zat üçin bir gezekde gurban edilmegi arkaly mukaddes edildik.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar.


Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.


Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr.


Kim öň bir gezek Hudaýdan nurlanyp, gögüň peşgeşini alandan soňam, şeýle hem Mukaddes Ruha şärik bolup, Hudaýyň Hoş Habarynyň ýagşylygyny dadyp, geljekki döwrüň gudratyny görenden soňam, Hudaýdan ýüz öwrüp, ýoldan çyksa, ony täzeden toba getirmek asla mümkin däl. Sebäbi ol adam Hudaýyň Ogluny gaýtadan haça çüýläp, ile ryswa edýändir.


Öňler erkeçleriň we öküzleriň ganyny hem-de ýakylan göläniň külüni murdar adamlaryň üstüne sepip, olary tämizlärdiler.


«Bu Hudaýyň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.


Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ