Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 10:26 - Mukaddes Kitap

26 Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Эгер биз хакыкат билимини кабул эденимизден соңам билгешлейин гүнә этсек, гүнәлери багышламак үчин инди гурбанлык ёкдур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 10:26
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger bütin ysraýyl halky öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, bu günä iş hem jemagatdan ýaşyrylyp, olaryň eden günäleriniň üsti açylan badyna, jemagat günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirsin.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Hojaýynynyň islegini bilse-de, taýýar bolmaýan, onuň islegini ýerine ýetirmeýän hyzmatkär köp ýenjiler.


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Isa olara: «Kör bolan bolsadyňyz, günäňiz bolmazdy, emma görýäris diýeniňiz üçin günäňiz öz boýnuňyzda galar» diýdi.


Kimde-kim Hudaýyňyz Rebbiň Özüne hyzmat etmek üçin bellän ruhanysyna ýa-da kazysyna tekepbirlik edip boýun egmese, ol adam ölüme höküm edilsin. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň.


Ol her hili ýamanlyklar bilen heläkçilik ýoluna düşenleri aldawa salar. Çünki olar hakykaty söýmegi we şol arkaly halas bolmagy ret etdiler.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Ol hemme adamlaryň hakykaty bilip, halas bolmagyny isleýändir.


Kim ýagşylyk etmegi bilibem, ony etmeýän bolsa, ol günä edýändir.


Eger biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, goý, onuň üçin Hudaýa ýalbarsyn. Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän günä-de bardyr. Beýle günä edýän adam üçin Hudaýa ýalbaryň diýmeýärin.


Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ