Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 10:25 - Mukaddes Kitap

25 Käbir adamlaryň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagymyzy goýmalyň. Gaýtam, Isanyň geljek gününiň golaýlandygyny bilip, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Кәбир адамларың эндик эдиши ялы, йыгнанышмагымызы гоймалың. Гайтам, Исаның гелҗек гүнүниң голайландыгыны билип, бири-биримизи хас-да рухландыралың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 10:25
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.


Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».


Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar.


Bir gün ybadat edilýän ýere barýarkak, palçylyk ruhy eýelän bir hyzmatkär gyza duş geldik. Bu gyz pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna köp pul gazanyp berýärdi.


Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar.


Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.


Hepdäniň birinji güni bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi.


Eger nesihatçy bolsa, nesihat bersin; mätäçlere haýyr-sahawat ediji bolsa, muny sahylyk bilen etsin. Eger baştutanlyk berlen bolsa, muny yhlas bilen ýerine ýetirsin, rehim-şepagat etmeklik berlen bolsa, muny göwünjeňlik bilen etsin.


Siz bir ýere üýşeniňizde, Rebbiň saçagyna gatnaşýarsyňyz diýip hasap edýärsiňiz. Aslynda welin bu beýle däl.


Eger bütin ýygnak bir ýere ýygnanyp, heriňiz nämälim dilde gürläp durkaňyz, oňa düşünmeýän ýa-da iman etmedik adamlar munuň üstüne gelse, näme oýlarlar? Olar: «Siz akylyňyzdan azaşypsyňyz» diýmezmi?


Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär.


gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar.


Goý, ýumşaklygyňyz hemmelere belli bolsun. Reb ýakyndyr.


Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.


Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.


Biri-birimizi söýmäge we oňat işler etmäge höweslendirmek barada pikirleneliň.


Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ýene az salymdan şol Geljek hökman geler, eglenmez.


Eý, doganlar, size ýazan bu gysga hatymdaky öwüt-ündewlerimi çyn ýürekden kabul etmegiňizi haýyş edýärin.


Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň.


Siz hem sabyr-takatly boluň! Mert boluň, sebäbi Rebbiň geljek güni golaýlady.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.


Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.


Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.


Bular siziň araňyza bölünişik salyp, öz ynsan düşünjelerine görä ýaşaýan adamlardyr we Mukaddes Ruhdan mahrumdyrlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ