Çünki men siziň ýardam etmekdäki yhlasyňyzy bilýärin. Men: «Ahaýa welaýaty geçen ýyldan bäri taýýardyr» diýip, makedoniýalylara siz babatda magtanýaryn. Siziň şeýle yhlasyňyz köpleri höweslendirdi.
Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.
Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň.
Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.
sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys.
Hudaýyň Hoş Habaryna dil ýetirilmez ýaly, goý, bu garry aýallar gelinlere öz ärlerini, çagalaryny söýmegi, özlerine erk etmegi, päk ahlakly, öýleri babatda yhlasly, mylaýym we ärlerine tabyn bolmagy öwretsinler.
Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.
Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň.