Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 10:23 - Mukaddes Kitap

23 Indi ykrar eden umydymyzy ikirjiňlenmän berk saklalyň, çünki wada beren Hudaý ynamdardyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Инди ыкрар эден умыдымызы икирҗиңленмән берк саклалың, чүнки вада берен Худай ынамдардыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 10:23
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb – nurum hem Halasgärim, men kimden heder edeýin? Reb ömrümiň penasy: men kimden wehim edeýin?


Her säher bular täzelenýär, Seniň wepadarlygyň beýikdir!


Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.


Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.


Siziň bu hemaýatyňyz Isa Mesih baradaky Hoş Habara sadykdygyňyzy subut edýär. Siz elde baryňyzy olara we beýleki imanlylara sahylyk bilen eçilýärsiňiz. Ine, şularyň bary üçin Hudaýyň halky Ony şöhratlandyrar.


Hudaý muny başarar. Çünki sizi çagyran Hudaý ynamdardyr.


Emma Reb ynamdardyr. Ol size kuwwat berer we şeýtandan gorar.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Özüniň garrandygyna we aýaly Saranyň önelgesizdigine garamazdan, Ybraýym iman arkaly perzent gördi. Sebäbi ol wada beren Hudaýyň sadykdygyna ynandy.


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.


Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.


Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr.


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Emma ol adam şübhelenmän iman bilen dilesin, sebäbi şübhelenýän adam edil ýeliň eýläk-beýläk çaýkaýan deňiz tolkuny ýalydyr.


Men basym bararyn. Täjiňi hiç kim almaz ýaly, imanda berk dur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ