Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 10:20 - Mukaddes Kitap

20 Isa Öz ölümi arkaly bize çadyrdaky içki tutudan geçýän we Hudaýa barýan täze ýaşaýyş ýoluny açyp berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Иса Өз өлүми аркалы бизе чадырдакы ички тутудан гечйән ве Худая барян тәзе яшайыш ёлуны ачып берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 10:20
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin.


Emma ol tutynyň ýanyna ýa-da gurbanlyk sypasyna golaýlaşmasyn. Çünki ol nogsanlydyr. Ol bu mukaddes zatlara ýakynlaşyp, olary harlamasyn. Ruhanylary mukaddes edýän siziň Hudaýyňyz Reb Mendirin“».


Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy.


Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi.


Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin.


Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.


Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.


Ol Töwradyň kanunlaryny we däp-dessurlaryny ýatyrdy-da, iki halky birleşdirip, täze bir halk ýaratdy we parahatçylygy berkarar etdi.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Bu umyt janymyzy berk hem howpsuz saklaýandyr, ol göklerdäki çadyryň tutusynyň aňyrsyna geçýändir.


Çadyryň içki tutusynyň aňyrsynda Iň mukaddes otag diýlip atlandyrylýan ýene bir otag bardy.


Bu düzgünler arkaly Mukaddes Ruh şuny görkezýär: ýerdäki Mukaddes çadyrda ýerine ýetirilýän parzlar bes edilmese, gökdäki Iň mukaddes otaga asla girip bolmaz.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


Hudaýyň Ruhunyň bardygyny, ine, şundan bilersiňiz: olar Isa Mesihiň, hakykatdanam, ynsan bolup gelendigini ykrar edýärler.


Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesihiň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesihiň duşmanydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ