Indi bolsa men sizi Hudaýa tabşyrýaryn. Onuň merhemetli Hoş Habaryny unutmaň! Bu Habar size güýç-gudrat berer, Hudaýyň mukaddes halky bilen birlikde Onuň wada beren ýalkanyşlaryny eçiler.
meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.
Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!
Musanyň kanuny geljekki oňat zatlaryň özi däl-de, şol zatlaryň kölegesidir. Şu sebäpli Kanun her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlyklar bilen Hudaýa sygynýanlary hiç haçan kämil edip bilmeýär.
Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.
Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.