Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 10:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma Mesih günäleri hemişelik ýuwýan ýeke-täk gurbanlygy hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма Месих гүнәлери хемишелик ювян еке-тәк гурбанлыгы хөдүрләнден соң, Худайың сагында отурды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 10:12
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp, biziň üçin töwella edýär.


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr.


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Biz bu isleg boýunça, Isa Mesihiň bedeniniň ähli zat üçin bir gezekde gurban edilmegi arkaly mukaddes edildik.


Sebäbi Ol mukaddes edýänlerini ýeke-täk gurbanlyk bilen hemişelik kämil etdi.


Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär.


Şu sebäpden ol halkyň-da, özüniň-de günäleri üçin gurbanlyk bermäge borçludyr.


Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi.


Aýdýanlarymyzyň düýp manysy şundadyr: gökde beýik Hudaýyň sagynda oturan Baş Ruhanymyz bardyr.


Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ