Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 10:11 - Mukaddes Kitap

11 Her bir ruhany her gün aýak üstünde durup, dini borçlary ýerine ýetirýärdi we şol bir gurbanlyklary öwran-öwran hödürleýärdi. Emma bu gurbanlyklar hiç wagt günäleri ýuwmagy başarmaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Хер бир руханы хер гүн аяк үстүнде дуруп, дини борчлары ерине етирйәрди ве шол бир гурбанлыклары өвран-өвран хөдүрлейәрди. Эмма бу гурбанлыклар хич вагт гүнәлери ювмагы башармаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 10:11
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem, günäden saplanmak üçin, her gün bir öküzi günä gurbanlygy edip ber. Gurbanlyk sypasyny päklemek üçin, günä gurbanlygyny ber we onuň üstüne ýag guýup mukaddes et.


Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn.


Ýurduň bu mukaddes paýy mukaddes öýde Rebbe hyzmat etmek üçin ýakynlaşan ruhanylar üçindir. Bu bölekde olaryň öýleri bolar we mukaddes öý üçin mukaddes ýer bolar.


Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler.


Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.


Kiçijik şah özüni hatda goşun serdaryna çenli beýgeltdi. Ol goşun serdarynyň elinden gündelik ýakma gurbanlygyny alyp, mukaddes öýi ýok etdi.


Şonda agşam gurbanlyk berilýän wagty men entek dileg edip durkam, öňki görnüşimde gören adamym Jebraýyl çaltlyk bilen uçup, ýanyma geldi.


Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».


Rebbiň huzuryna näme bilen baraýyn? Gökdäki Hudaýa nähili sežde edeýin? Onuň huzuryna ýakma gurbanlygy bilen baraýynmy? Ýa-da bir ýaşar göleler bilen?


Şeýdip, olar her gün – ýedi günläp, ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly iýmit sadakasyny hödür etsinler. Bu gündelik berilýän ýakma gurbanlygydyr, ol içgi sadakasynyň daşyndan berilsin.


Olara aýt, Maňa ot üsti bilen berjek gündelik ýakma gurbanlyklary şikessiz iki sany birýaşar erkek tokly bolsun.


Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.


Musanyň kanuny geljekki oňat zatlaryň özi däl-de, şol zatlaryň kölegesidir. Şu sebäpli Kanun her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlyklar bilen Hudaýa sygynýanlary hiç haçan kämil edip bilmeýär.


Sebäbi öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleri ýuwmak mümkin däldir.


Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär.


Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi.


Ol Mukaddes çadyrda, ynsanyň däl-de, hut Rebbiň guran hakyky çadyrynda hyzmat edýär.


Eger Ol gökde däl-de, ýerde bolsady, aslynda ruhany hem bolmazdy. Sebäbi Mukaddes Kanun boýunça sadakalary hödürleýän ruhanylar eýýäm bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ