Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Emma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Эмма Огла шейле диййәр: «Эй, Худай, Сениң шалыгың довам эдер бакы эбеди, Сениң шалык хасаң – адалатлылык хасасы.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 1:8
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl Hudaýy gepledi, Ysraýylyň Gaýasy maňa şeýle diýdi: „Halka adalatly häkimlik eden, Hudaýdan gorkup, halka baştutanlyk eden,


Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi, göwün hyýallaryndan dolup-daşýar ýüregi.


Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.


Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.


Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.


Ýermeýa Sidkiýa: «Eger saňa aýtsam, meni öldürersiň. Eger-de saňa maslahat bersem, meni diňlemersiň» diýdi.


Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.


Ýahudylaryň baştutanlary Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl-de, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler.


Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi.


Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!


Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir.


Muňa garamazdan, Hudaýymyz Rebbiň bize tabşyryşy ýaly, Ýabok derýasynyň boýunda we daglykdaky galalarda ýaşaýan ammonlaryň ýerine çozup girmedik».


Halklaryň içinde iň ýalkanany siz bolarsyňyz. Siziň araňyzda nesilsiz erkek ýa-da önelgesiz aýal, gysyr mal bolmaz.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Şonda Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi şalygyna girmek hukugy size boldan-bol eçiler.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ