Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.
Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar.
Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin».
Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.
Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.
Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.
Müneçjimler gidenden soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur! Çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç. Özüm habar berýänçäm, şol ýerde gal, sebäbi Hirod çagany öldürmek üçin Onuň gözlegine çykmakçy bolýar» diýdi.
Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.
Isa ýaňy ýola düşen mahaly bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp, Ondan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.
Birdenkä Rebbiň perişdesi peýda bolup, zyndanyň içinde nur parlady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz bol, tur!» diýdi. Şobada Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy.
Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi.
meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.
Hawa, olar muny göwünjeňlik bilen etdiler, aslynda olar şeýle-de etmelidiler. Çünki ýahudy imanlylar başga halklar bilen öz ruhy patalaryny paýlaşdylar. Şoňa görä-de, başga halklar hem öz gezeginde olara maddy mätäçliklerinde kömek bermäge borçludyrlar.
Şeýlelikde, perzentleri bolan bolsak, onda mirasdüşeridiris. Hudaýyň mirasdüşerleri bolýan bolsak, onda Isa Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Biz Isa Mesihiň gören görgülerine şärik bolýan bolsak, onda Onuň şan-şöhratyna hem şärik bolarys.
Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi.
Çünki siziň bu hemaýatyňyz Hudaýyň halkynyň mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa edilýän şükürleriň dolup-daşmagyna hem sebäp bolar.
Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.
Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.
Siz mätäçligimde men barada alada etmek üçin ilçiňiz Epafroditi ýanyma iberipdiňiz. Emma men ony, ýagny öz işdeşimi, söweşdeşimi we doganymy yzyna, siziň ýanyňyza ibermegi makul bildim.
emma jebir çeken size biziň bilen bile rahatlyk berer. Bu zatlar Reb Isa Öz perişdeleri bilen ot-ýalyn içinde gökden peýda bolan mahaly bolar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary we Özi baradaky Hoş Habara gulak asmadyklary jezalandyrar.
Her bir ruhany her gün aýak üstünde durup, dini borçlary ýerine ýetirýärdi we şol bir gurbanlyklary öwran-öwran hödürleýärdi. Emma bu gurbanlyklar hiç wagt günäleri ýuwmagy başarmaýar.
Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.
Emma Isa berlen ruhanylyk hyzmaty beýleki ruhanylaryňkydan beýikdir. Şeýle hem Ol täze ähtiň Binýatçysydyr, täze äht öňki ähtden üstündir we ygtybarly wadalara esaslanandyr.
Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.
Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?
Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.
Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.
Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.