Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ester 9:20 - Mukaddes Kitap

20 Mordekaý bu zatlary ýazyp, Kserks patyşanyň ýakynda we uzakda ýerleşen welaýatlaryndaky ähli ýahudylara hatlar ýollady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Мордекай бу затлары язып, Ксеркс патышаның якында ве узакда ерлешен велаятларындакы әхли яхудылара хатлар ёллады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ester 9:20
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.


Bu waka Kserks patyşanyň döwründe bolup geçipdi. Kserks Hindistan bilen Efiopiýanyň aralygyndaky bir ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň üstünden şalyk sürýärdi.


Ol her bir erkek öz öýüne hojaýyn bolsun diýip, her halka öz dilinde yglan edip, özüniň bütin patyşalygyndaky welaýatlara hersiniň öz ýazuwynda, öz dilinde hatlar ýollady.


Birinji aýyň on üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Hamanyň tabşyrygy boýunça patyşanyň ähli welaýatlardaky hökümdarlaryna we häkimlerine, bütin halkyň beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde perman ýazyldy. Perman patyşanyň adyndan ýazylyp, onuň ýüzügi bilen möhürlenildi.


Üçünji aý bolan Siwan aýynyň ýigrimi üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Mordekaýyň ähli tabşyryklary boýunça ýahudylara, Hindistandan Efiopiýa çenli bolan aralykdaky ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň hökümdarlaryna, häkimlerine, beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde, şeýle hem ýahudylara öz dilinde we öz ýazuwynda perman ýazyldy.


Şonuň üçin obalarda ýaşaýan ýahudylar Adar aýynyň on dördünji gününi şatlyk, toý-meýlis, baýram güni hökmünde belläp, şol gün olar biri-birlerine toý paý iberýärler.


Her ýyl Adar aýynyň on dördünji, on bäşinji günlerini ýahudylaryň öz duşmanlaryndan halas bolan günleri hökmünde, özleri üçin gamgynlykdan şatlyga, ýasdan toýa öwrülen aý hökmünde bellemeklerini olara tabşyrdy. Şol gün olar toý-meýlis gurap, şatlanyp, biri-birlerine toý paý iberişip, garyp-gasarlara sowgatlar ibermelidiler.


Şol sebäpli bu günleri «pur» sözüne görä, Purym diýip atlandyrdylar. Şonuň üçin şu hatda ýazylan ähli zatlar, gören hem-de başlaryna gelen zatlar zerarly, ýahudylar däp-dessurlary dikeltmekligi öz üstlerine aldylar. Olaryň nesilleri we olara goşulanlar her ýyl bu iki güni ýazylyşy we bellenen wagtyndaky ýaly edip yzygiderli geçirmelidiler.


Abyhaýylyň gyzy şa aýaly Ester Mordekaý ýahudy bilen Purym hakyndaky bu ikinji haty doly ygtyýarlylykda tassyklap ýazdylar.


Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.


Ýermeýa pygamber sürgündäkileriň arasynda aman galan ýaşululara, ruhanylara, pygamberlere we Nebukadnesaryň Iýerusalimden Babyla äkiden ähli halkyna Iýerusalimden bir hat ýollady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ