Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ester 9:18 - Mukaddes Kitap

18 Suzadaky ähli ýahudylar on üçünji hem on dördünji günleri ýygnanyşyp, on bäşinji güni toý-meýlis gurup, şatlanyp, dynç aldylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Сузадакы әхли яхудылар он үчүнҗи хем он дөрдүнҗи гүнлери йыгнанышып, он бәшинҗи гүни той-мейлис гуруп, шатланып, дынч алдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ester 9:18
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa şu hatlaryň üsti bilen ähli şäherlerdäki ýahudylara ýygnanyşyp, özlerini goramaga rugsat berdi. Eger-de islendik halkyň ýa-da welaýatyň ýaragly toparlary olaryň çagalaryna, aýallaryna hüjüm edip, mal-mülklerini talaýsa, ýahudylaryň olary gyryp, bütinleý ýok etmäge haky bardy.


On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne patyşanyň tabşyrygy we permany amala aşyrylmalydy. Hut şol gün ýahudylaryň duşmanlary olary ýok etmegi ýüreklerine düwüpdiler, ýöne şol gün olar däl-de, ýahudylar öz duşmanlaryndan üstün çykdylar.


Hut şol günüň özünde Suza galasynda öldürilenleriň sany barada patyşa maglumat berdiler.


Ester: «Eger patyşa muny oňlasa, Suzadaky ýahudylara şu günki permany ertir hem ýerine ýetirmäge rugsat etsin. Hamanyň on ogly dardan asylsyn» diýdi.


Adar aýynyň on dördüne Suzadaky ýahudylar ýygnanyşyp, Suzada üç ýüz adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.


Ýahudylar özlerine zyýan ýetirmek isleýänlere gaýtawul bermek üçin, Kserks patyşanyň ähli welaýatlarynda, öz şäherlerinde ýygnandylar. Hiç kim olaryň garşysyna durup bilmedi, çünki ähli adamlaryň üstüne ýahudylar tarapyndan gorky howpy abanypdy.


Her ýyl Adar aýynyň on dördünji, on bäşinji günlerini ýahudylaryň öz duşmanlaryndan halas bolan günleri hökmünde, özleri üçin gamgynlykdan şatlyga, ýasdan toýa öwrülen aý hökmünde bellemeklerini olara tabşyrdy. Şol gün olar toý-meýlis gurap, şatlanyp, biri-birlerine toý paý iberişip, garyp-gasarlara sowgatlar ibermelidiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ