Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ester 9:15 - Mukaddes Kitap

15 Adar aýynyň on dördüne Suzadaky ýahudylar ýygnanyşyp, Suzada üç ýüz adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Адар айының он дөрдүне Сузадакы яхудылар йыгнанышып, Сузада үч йүз адамы өлдүрдилер, йөне олар олҗа эл урмадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ester 9:15
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa şu hatlaryň üsti bilen ähli şäherlerdäki ýahudylara ýygnanyşyp, özlerini goramaga rugsat berdi. Eger-de islendik halkyň ýa-da welaýatyň ýaragly toparlary olaryň çagalaryna, aýallaryna hüjüm edip, mal-mülklerini talaýsa, ýahudylaryň olary gyryp, bütinleý ýok etmäge haky bardy.


Patyşa şa aýaly Estere şeýle diýdi: «Ýahudylar Suza galasynda bäş ýüz adamy hem-de Hamanyň on ogluny öldüripdirler. Kim bilýär, olar patyşanyň beýleki welaýatlarynda, gör, nämeler edendirler! Indi näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Ýene näme islegiň bar? Ol ýerine ýetiriler».


Ester: «Eger patyşa muny oňlasa, Suzadaky ýahudylara şu günki permany ertir hem ýerine ýetirmäge rugsat etsin. Hamanyň on ogly dardan asylsyn» diýdi.


Şeýdip, patyşa munuň şeýle edilmegine buýruk berdi. Suzada perman çykarylyp, Hamanyň on ogly dardan asyldy.


Patyşanyň beýleki welaýatlaryndaky ähli ýahudylar hem öz janlaryny goramak üçin ýygnanyşyp, öz duşmanlaryndan halas boldular, özleriniň duşmanlaryndan ýetmiş bäş müň adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.


Ýahudylar özlerine zyýan ýetirmek isleýänlere gaýtawul bermek üçin, Kserks patyşanyň ähli welaýatlarynda, öz şäherlerinde ýygnandylar. Hiç kim olaryň garşysyna durup bilmedi, çünki ähli adamlaryň üstüne ýahudylar tarapyndan gorky howpy abanypdy.


Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ