Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ester 9:14 - Mukaddes Kitap

14 Şeýdip, patyşa munuň şeýle edilmegine buýruk berdi. Suzada perman çykarylyp, Hamanyň on ogly dardan asyldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Шейдип, патыша мунуң шейле эдилмегине буйрук берди. Сузада перман чыкарылып, Хаманың он оглы дардан асылды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ester 9:14
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men ýurdumdaky ysraýyl halkyndan ýa olaryň ruhanylaryndan, ýa-da lewilerden öz meýli bilen Iýerusalime gitmek isleýän her bir adama rugsat berilsin diýip buýurýaryn.


Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.


Ol patyşanyň hyzmatyndaky agtalaryň biri bolan Harbona şeýle diýdi: «Patyşanyň janyny halas eden Mordekaýy asmak üçin Hamanyň taýýarlan beýikligi elli tirsek bolan dar agajy onuň öýünde dur». Patyşa: «Şol dar agajyndan onuň özüni asyň» diýdi.


Ester: «Eger patyşa muny oňlasa, Suzadaky ýahudylara şu günki permany ertir hem ýerine ýetirmäge rugsat etsin. Hamanyň on ogly dardan asylsyn» diýdi.


Adar aýynyň on dördüne Suzadaky ýahudylar ýygnanyşyp, Suzada üç ýüz adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.


Erbetler düňderilip ýok bolýandyr, dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr.


Eger bir adam ýüz çaganyň atasy bolup, köp ýyl ýaşasa, ömri uzak bolup, ýöne durmuşyň näz-nygmatlaryndan lezzet almasa, hormat bilen jaýlanylmasa, meniň üçin öli doglan çaga ondan gowudyr.


Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, emma onuň yzy müdimilik ýiter».


Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ