Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ester 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Ol patyşanyň hyzmatyndaky agtalaryň biri bolan Harbona şeýle diýdi: «Patyşanyň janyny halas eden Mordekaýy asmak üçin Hamanyň taýýarlan beýikligi elli tirsek bolan dar agajy onuň öýünde dur». Patyşa: «Şol dar agajyndan onuň özüni asyň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ол патышаның хызматындакы агталарың бири болан Харбона шейле дийди: «Патышаның җаныны халас эден Мордекайы асмак үчин Хаманың тайярлан бейиклиги элли тирсек болан дар агаҗы онуң өйүнде дур». Патыша: «Шол дар агаҗындан онуң өзүни асың» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ester 7:9
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehu başyny galdyryp, penjirä tarap seredip: «Kim meniň tarapymda? Kim bar?» diýip gygyrdy. Onsoň iki-üç sany köşk agtasy ýokardan Ýehuwa seretdi.


Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy. Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy.


Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy.


Olar Haman bilen gepleşip otyrkalar, patyşanyň agtalary gelip, Hamany gyssagly Esteriň guran meýlisine alyp gitdiler.


Ondan patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtana bilen Tereşiň Kserks patyşanyň janyna kast etmek niýetleriniň bardygy barada Mordekaýyň aýdan zatlary hakyndaky ýazgy tapyldy.


Soňra Kserks patyşa şa aýaly Estere we ýahudy Mordekaýa şeýle diýdi: «Ine, men Hamanyň emlägini Estere berdim. Onuň özüni hem dardan asdyrdym, çünki ol ýahudylara el galdyrdy.


Şeýdip, patyşa munuň şeýle edilmegine buýruk berdi. Suzada perman çykarylyp, Hamanyň on ogly dardan asyldy.


Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudylara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy.


Eý, Hudaý, sadyk söýgiň neneň gymmatly! Seniň ganatlaryňyň saýasy ynsan ogullaryna pena bolýandyr.


Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.


Patyşanyň buýrugy boýunça Danyýeli şugullan adamlary getirdiler. Olary çagalary we aýallary bilen bilelikde ýolbarsly çukura taşladylar. Olar entek çukuryň düýbüne ýetmänkäler, ýolbarslar olary gapyp, ähli süňklerini owradyp kül etdiler.


Patyşalygyň ähli wezirleri, serdarlary, häkimleri, geňeşçileri we emirleri patyşanyň bir perman çykaryp, ony güýje girizmegi barada özara maslahatlaşdylar. Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn.


Soňra ol ylgap baryp, piliştliniň üstüne çykdy we onuň gylyjyny gynyndan sogrup aldy-da, gylyç bilen kellesini kesip taşlady. Öz pälwanlarynyň öldürilendigini görüp, piliştliler gaçdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ