Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ester 6:6 - Mukaddes Kitap

6 Şeýdip, Haman içeri girdi. Patyşa ondan: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna näme edilse, gowy bolar?» diýip sorady. Haman öz içinden: «Patyşa menden başga kimi şeýle hormatlasyn?» diýip pikirlendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шейдип, Хаман ичери гирди. Патыша ондан: «Патышаның айратын хорматламак ислейән адамына нәме эдилсе, говы болар?» дийип сорады. Хаман өз ичинден: «Патыша менден башга кими шейле хорматласын?» дийип пикирленди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ester 6:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa olardan: «Kserks patyşanyň agtalary arkaly beren tabşyrygyny ýerine ýetirmändigi üçin, şa aýaly Waşta kanuna görä nähili çäre görmeli?» diýip sorady.


Haman olara öz ummasyz baýlyklaryny, näçe oglunyň bardygyny, patyşanyň özüniň wezipesini beýgeldip, beýleki beglerden we köşk emeldarlaryndan ýokarda goýup, eden hezzet-hormatlaryny sanap berdi.


Şeýlelikde, Haman şa lybaslaryny we aty alyp, Mordekaýy geýindirip, ony ata mündürip, şäheriň meýdançasynda jar çekip: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär» diýip aýlady.


Patyşanyň emeldarlary oňa: «Howluda Haman bar» diýdiler. Patyşa: «Goý, ol içeri girsin» diýdi.


Haman patyşa: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna, patyşanyň geýen şa lybaslary, patyşanyň münen, dabaraly şaý-sepler bilen bezelen aty getirilip, şa lybaslary we aty patyşanyň iň atly-abraýly beglerinden biriniň eline berilsin; goý, ol patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyny geýindirsin, goý, ol ony ata mündürip, şäheriň açyk meýdançasynda jar çekip: „Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär“ diýip aýlasyn» diýdi.


Çünki nadanlar ýoldan çykyp ölerler, akmaklary geleňsizlik heläk eder.


Heläkçilikden öň tekepbirlik, ýykylmakdan öň gedemlik gelýändir.


Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.


Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir, gabaklary nähili ýokary.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Men olara ýagşylyk etmekden şatlanaryn we hakykatdan hem tutuş janym-tenim bilen olary bu ýurtda ornaşdyraryn“.


Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Toý eýesi gelip, saňa: „Ýeriňi bu adama ber“ diýäýmesin. Onsoň sen utanyp, işigiň ýanynda oturmaly bolarsyň.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ