Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ester 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýahuda patyşasy Ýekonýa bilen birlikde Kiş hem Iýerusalimden Babyla ýesir edilipdi. Olary Babyl patysasy Nebukadnesar ýesir edip äkidipdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Яхуда патышасы Еконя билен бирликде Киш хем Иерусалимден Бабыла есир эдилипди. Олары Бабыл патысасы Небукаднесар есир эдип әкидипди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ester 2:6
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy.


Şeýdip, Ýehoýakym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ýehoýakyn onuň ýerine patyşa boldy.


Babyl patyşasy gylyçdan aman galanlary Babyla ýesir edip äkitdi. Ýesir edilip äkidilenler Pars patyşalygy häkimiýet başyna geçýänçä, Babyl patyşasyna we onuň ogullaryna gul boldular.


Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn.


Bu Ýehoýakyn diýen adam äsgerilmeýän döwük küýze bolup, hiç kime gerekmejek gapdyr. Ol nesli bilen birlikde özleriniň tanamaýan ýurduna taşlandy.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ