Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ester 1:10 - Mukaddes Kitap

10-11 Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy. Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10-11 Мейлисиң единҗи гүни шерапдан серхош болан Ксеркс патыша ша аялы Ваштының башына шалык тәҗини гейдирип, оны өз хузурына гетирмеклерини көшкде хызмат эдйән еди агтасына: Мехумана, Бизта, Харбона, Бигта, Абагта, Зетара ве Каркаса буюрды. Ол бүтин халка ве беглере онуң гөзеллигини гөркезмек иследи, чүнки ол гөрмегей аялды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ester 1:10
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olara nahar Ýusubyň saçagyndan berildi. Benýaminiň paýy beýlekileriňkiden bäş esse artykdy. Şeýdip, olar Ýusup bilen bile iýip-içip keýp çekdiler.


Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»


Şa aýaly Waşty hem Kserks patyşanyň köşgünde aýallar üçin meýlis gurady.


Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy.


Ol patyşanyň hyzmatyndaky agtalaryň biri bolan Harbona şeýle diýdi: «Patyşanyň janyny halas eden Mordekaýy asmak üçin Hamanyň taýýarlan beýikligi elli tirsek bolan dar agajy onuň öýünde dur». Patyşa: «Şol dar agajyndan onuň özüni asyň» diýdi.


Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.


Eý, Lemuwal, şerap içmek patyşalara ýaraşmaz, çakyr hökümdarlara gelişmez.


Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr.


Mes bolan jemagat: «Şimşony getiriň, goý, ol biziň göwnümizi açsyn» diýip gygyryşdy. Şimşony zyndandan getirip, onuň üstünden gülüp başladylar, masgaraladylar, soňra ony sütünleriň aralygynda duruzdylar.


Olar oturyp, bile iýip-içdiler. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Ýene bir gün gal, keýpiňi sazla» diýdi.


Bowaz iýip-içip, keýpini kökledi. Soň harmanyň gyrasyna ýatmaga gitdi. Rut bolsa assyrynlyk bilen gelip, onuň aýagujy tarapyndan ýorgany açyp, girip ýatdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ