1 Isa geçip barýarka, bir dogabitdi kör adamy gördi.
1 Иса гечип барярка, бир догабитди көр адамы гөрди.
Şonda körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar;
Ýoluň gyrasynda oturan iki sany kör adam Isanyň geçip barýanyny eşidip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdy.
Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Eý, Dawut Ogly! Bize rehim et!» diýip gygyrdylar.
Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle.
Mähelläniň içinde on iki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýal hem bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy.
Şol ýerde otuz sekiz ýyl bäri dert çekip ýatan bir hassa bardy.
Şonda Isany daşlamakçy boldular, emma Ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.
Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär? Onuň özi günäkärmi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar.
Listrada aýaklary ysmaz bir adam ýaşaýardy. Ol dogabitdi oturady we hiç wagt ýöremändi.
Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende, biri-birine: «Bu adam ganhor bolsa gerek, ol deňizden halas bolsa-da, takdyry ony ýaşamaga goýmady» diýişdiler.
Gudrat arkaly şypa tapan adam bütin ömrüne, kyrk ýyldan gowrak bäri otura maýypdy.
Ol ýerde Petrus Eneý atly bir adama sataşdy. Eneý sekiz ýyl bäri düşekde ysmaz bolup ýatyrdy.