4 Onsoň olar Isa ýüzlenip: «Mugallym, bu aýal zynada tutuldy.
4 Онсоң олар Иса йүзленип: «Мугаллым, бу аял зынада тутулды.
Eger bir adam başga bir adamyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol azgyn erkek-de, aýal-da öldürilsin.
Onuň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şoňa görä ol Merýemiň ile masgara bolmagyny islemän, ony ýaşyryn aýryp goýbermegi ýüregine düwdi.
Töwrat mugallymlary bilen fariseýler zynada tutulan bir aýaly alyp geldiler. Aýaly hemmäniň öňünde duruzdylar.
Musa Töwratda bular ýalylary daşlap öldürmegi buýrupdyr. Sen muňa näme diýersiň?» diýip soradylar.
Eger bir adamy başga biriniň aýaly bilen ýatyrka tutsaňyz, olaryň ikisini hem öldüriň. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň.
Soňra adamsy aýaly bilen ýaraşyp, ony getirmek üçin yzyndan ugrady. Onuň ýanynda bir hyzmatkäri bilen iki sany eşegi bardy. Aýaly adamsyny atasy öýüne saldy. Gaýynatasy ony güler ýüz bilen garşylap, öz öýünde saklady.