Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 7:12 - Mukaddes Kitap

12 Mähelläniň arasynda Ol hakda köp gürrüň edildi. Käbirleri «Ol gowy adam» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мәхелләниң арасында Ол хакда көп гүррүң эдилди. Кәбирлери «Ол говы адам» дийсе, башгалары «Ол халкы аздыряр» диййәрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 7:12
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!


Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy.


«Jenap, ol ýalançynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda.


Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.


Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi.


Mejlis agzalaryndan Ýusup atly bir adam bardy. Ol oňat hem dogruçyl adamdy.


Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr. Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir.


Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Isanyň bu gudratly alamatyny gören adamlar: «Hakykatdan-da, dünýä gelmeli pygamber Şudur» diýdiler.


Fariseýler halkyň Isa hakyndaky bu pyşyrdylaryny eşitdiler. Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin garawullary iberdiler.


Olar: «Sen hem jelilelimi? Mukaddes Ýazgylara ser sal, Jelileden hiç wagt pygamber çykmajagyny görersiň» diýdiler.


Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi.


Onuň Mukaddes Ruhdan we imandan doly bir ýagşyzada adamdygy üçin, juda köp adam Rebbe iman etdi.


Hatda dogry adam üçin ölmäge taýyn adamy tapmak kyndyr. Ýöne kim bilýär, belki, ýagşy adam üçin ölüp biljegiň tapylmagy-da ahmal.


Her bir zady hüňürdemän, zeýrenmän berjaý ediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ