11 Ýahudylaryň baştutanlary baýramçylykda Ony idäp: «Ol nirede?» diýip soraýardylar.
11 Яхудыларың баштутанлары байрамчылыкда Оны идәп: «Ол ниреде?» дийип сораярдылар.
Ine, ýahudylaryň baştutanlary Iýerusalimden ruhanylary we lewileri Ýahýanyň ýanyna iberdiler. Olar Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soradylar. Ýahýa sözüni inkär etmedi,
Olar Isany gözleýärdiler, ybadathanada durkalar, biri-birlerine: «Nähili pikir edýärsiňiz? Ol baýrama gelermi ýa-da gelmez?» diýişýärdiler.
Şondan soň Isa Jelilede aýlanmaga başlady. Ýahudylaryň baştutanlary Onuň kastyna çykansoňlar, Ol Ýahudyýada gezmek islemeýärdi.
Ýöne ýahudy ýolbaşçylaryndan gorkup, hiç kim Ol hakda açyk gürrüň edip bilmeýärdi.
Ýahudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamadyk bolsa-da, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler.
Ondan: «Şol Adam nirede?» diýip soradylar. Ol: «Bilemok» diýip jogap berdi.