Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 6:9 - Mukaddes Kitap

9 «Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar. Emma şeýle uly mähellä bular nämejik bolar?» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 «Бу ерде бир огланда бәш арпа чөреги билен ики балык бар. Эмма шейле улы мәхеллә булар нәмеҗик болар?» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 6:9
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň hersi özüne tabşyrylyşyna görä, ýönekeý we saýlama atlar üçin olaryň saklanýan ýerine arpa we saman getirerdi.


Elýaşa şeýle jogap berdi: «Rebbiň sözüni eşit. Ol şeýle diýýär: „Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda bir kersen saýlama un adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe, iki kersen arpa-da adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe satylar“».


Ýahuda bilen Ysraýyl ýurdy seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine Minnit bugdaýyny, un, bal, ýag we melhem bererdiler.


Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyryn» diýdiler.


Entek hem düşüneňzokmy? Bäş çörek bilen bäş müň adamyň doýandygy, artanynyň näçe sebet bolandygy ýadyňyza düşmeýärmi?


Isa olardan: «Baryň, görüň, näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Görenlerinden soň olar: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler.


Men bäş çöregi bäş müň adama bölüp paýlanymda, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» diýip sorady. Olar: «On iki» diýip jogap berdiler.


Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar hem: «Biz munça mähelle üçin iýmit satyn almaga gidelimi? Biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyry» diýdiler.


Marta Isa: «Eý, Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi.


Merýem Isanyň duran ýerine geldi. Ony görüp, aýaklaryna ýykyldy-da: «Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi» diýdi.


Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi.


Isa olaryň ýanyna geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy hem şeýle etdi.


Olar gury ýere çykanlarynda, çörek we közüň üstünde bişip duran balyk gördüler.


Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler.


Filip Oňa: «Bularyň her birine bir döwüm çörek satyn almak üçin iki ýüz kümüş teňňe sarp etsek-de ýetmez!» diýip jogap berdi.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümden edilen gyrmyzy şerapdan içirdi.


Ol ýerde bugdaý, arpa, üzüm, injir, nar, zeýtun agaçlary we bal bardyr.


Onsoň men dört mahlugyň arasyndan göýä bir sesiň: «Uzakly gün işläp gazanjak haky diňe bir käse bugdaý bilen üç käse arpa ýetsin! Emma zeýtun we üzüm agaçlaryny zaýalama!» diýenini eşitdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ