Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 6:2 - Mukaddes Kitap

2 Isanyň gudratlar arkaly hassalary sagaldandygyny gören uly mähelle Onuň yzyna düşdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Исаның гудратлар аркалы хассалары сагалдандыгыны гөрен улы мәхелле Онуң ызына дүшди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 6:2
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy.


Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi sebäpli köldäki bir gaýyga münüp otyrdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy.


Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy.


Isa dagdan aşak inende, uly mähelle Onuň yzyna düşdi.


Emma ol adam gidip, bolan zatlary ýetişibildigine gürrüň bermäge we ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin Isa indi hiç bir şähere arkaýyn girip bilmän, olardan daşda, çola ýerlerde bolýardy. Emma hemme ýerden Onuň ýanyna adamlar gelýärdiler.


Gidip barýarkalar, halaýyk olary görüp tanady. Şonda ähli şäherlerden adamlar pyýada ýola düşdüler we haýdaşyp, ol ýere olardan öň bardylar.


Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär.


Şonuň üçin Isanyň görkezen bu gudraty barada eşiden köp adamlar Ony garşylamaga çykdylar.


Isa ýahudylaryň gözleriniň alnynda şunça köp gudratly alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler.


Bu Isanyň ilkinji görkezen gudratly alamatydy. Ol muny Jeliläniň Kana şäherinde görkezip, Öz şöhratyny aýan etdi. Muny gören şägirtleri Oňa iman etdiler.


Isa Iýerusalimde Pesah baýramynda bolanda, köp adamlar Onuň görkezen gudratlaryny görüp, Oňa iman etdiler.


Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp gudratly alamatlar görkezdi.


Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.


Isanyň bu gudratly alamatyny gören adamlar: «Hakykatdan-da, dünýä gelmeli pygamber Şudur» diýdiler.


Ertesi gün kölüň beýleki kenarynda galan mähelle ol ýerde düýn diňe bir gaýygyň bardygyny we Isanyň Öz şägirtleri bilen şol gaýyga münmän, olaryň diňe özleriniň gidendiklerini anykladylar.


Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, siz Meni gudrat göreniňiz üçin däl-de, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz.


Olar ýene-de: «Görüp, Saňa iman ederimiz ýaly, Sen nähili gudratly alamat görkezersiň? Hany, näme edersiň?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ