Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 5:5 - Mukaddes Kitap

5 Şol ýerde otuz sekiz ýyl bäri dert çekip ýatan bir hassa bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Шол ерде отуз секиз йыл бәри дерт чекип ятан бир хасса барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 5:5
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle.


Bu aýal on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan Ybraýymyň gyzydyr. Eýsem Sabat güni bolany üçin ol bu zynjyrdan azat edilmeli dälmi?» diýdi.


Mähelläniň içinde on iki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýal hem bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy.


Soňra Isa ybadathanada ol adama gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, ýogsam başyňa mundan beter günler geler» diýdi.


Isa ýatan hassany görüp, onuň ençeme ýyldan bäri bu derdi çekýändigini bildi. Şonuň üçin ondan: «Sagalmak isleýärsiňmi?» diýip sorady.


Isa geçip barýarka, bir dogabitdi kör adamy gördi.


Ýöne onuň indi nädip görýändigini ýa-da onuň gözüni kimiň açandygyny biz bilmeýäris. Ol indi bir ýetişen ýigit, özünden soraň, goý, özi aýdyp bersin» diýip jogap berdiler.


Listrada aýaklary ysmaz bir adam ýaşaýardy. Ol dogabitdi oturady we hiç wagt ýöremändi.


Şol wagt ybadathananyň Owadan diýen derwezesine bir dogabitdi otura adamy göterip getirdiler. Ybadathana girýänlerden sadaka dilemegi üçin, ony her gün şol ýere getirip oturdýardylar.


Gudrat arkaly şypa tapan adam bütin ömrüne, kyrk ýyldan gowrak bäri otura maýypdy.


Ol ýerde Petrus Eneý atly bir adama sataşdy. Eneý sekiz ýyl bäri düşekde ysmaz bolup ýatyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ