34 Men ynsan şaýatlygyna mätäç bolmasam-da, muny siziň halas bolmagyňyz üçin aýdýaryn.
34 Мен ынсан шаятлыгына мәтәч болмасам-да, муны сизиң халас болмагыңыз үчин айдярын.
Biz ynsanlaryň şaýatlygyny kabul edýäris, emma Hudaýyň şaýatlygy has-da möhümdir. Sebäbi Hudaý hem Öz Ogly hakynda şaýatlyk etdi.
Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.
Ýaşaýyş ýörelgäňe we öwredýän taglymatyňa üns ber. Bu işleri erjellik bilen amal et. Şonda sen özüňi-de, diňleýjileriňi-de halas edersiň.
Ejizleri gazanjak bolup, ejize öwrüldim. Garaz, käbirleri halas etjek bolup, men hemmelere her zat boldum.
Eý, doganlar, ysraýyl halkynyň halas bolmagy meniň köňül küýsegimdir. Men bu hakda elmydama Hudaýa doga-dileg edýärin.
Olaryň käbiriniň Hudaýa sadyk galmandygy hemmelere mälimdir. Ýöne olaryň biwepalygy, heý-de, Hudaýyň sadyklygyny ýok edermi?
Isa olara şeýle jogap berdi: «Men Özümi şöhratlandyrsam, onda bu şöhrat puç bolar. Meni şöhratlandyrýan Öz Atamdyr; siz Oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz.
Men ynsanlardan öwgi agtarmaýaryn.
Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.
Ýamanlyk senden üstün gelmesin, tersine, ýagşylyk edip, ýamanlykdan üstün bol.
Ysraýyl hakda bolsa Reb: «Men pitneçi we özdiýenli halka günuzyn ellerimi uzadyp otyryn» diýip aýdýar.
Ynsan Ogly ýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendir» diýdi.
Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz!
Men hakda şaýatlyk edýän başga Biri bar. Onuň Özüm hakdaky şaýatlygynyň dogrudygyny Men bilýärin.