Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýakubyň guýusy-da şol ýerdedi. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy. Wagt günortan bolup barýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Якубың гуюсы-да шол ердеди. Ёл йөрәп ядан Иса гуйының башында отурды. Вагт гүнортан болуп барярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 4:6
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.


Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy.


Kölde birdenkä güýçli gaý turdy we gaýyk tolkunlara büreldi. Emma Isa uklap ýatyrdy.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi.


Isa olara: «Gündiz on iki sagatdan ybarat dälmi? Kim gündiz ýörese büdremez, sebäbi ol bu dünýäniň nuruny görýändir.


Bu guýyny bize atamyz Ýakup berdi. Onuň özi-de, çagalary-da, mal-garalary-da bu guýudan suw içen. Eýsem sen şol atamyz Ýakupdan hem beýikmi?» diýdi.


Şeýlelikde, Isa Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi. Bu şäher Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýerine golaýdy.


Şol wagt samariýaly bir aýal guýudan suw almaga geldi. Isa oňa: «Maňa içmäge suw bersene» diýdi.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ