Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 4:34 - Mukaddes Kitap

34 Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Иса олара: «Мениң иймитим Өзүми Иберениң ырадасыны берҗай этмекдир, Онуң ишини ерине етирмекдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 4:34
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beren tabşyryklaryndan dönmedim, sözlerini kalbymda arzylap sakladym.


Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.


Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.


Isa oňa: «Goý, häzir şeýle bolsun, sebäbi bize Hudaýyň islegini berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi.


Isa turup, şägirtleri bilen bile ol adamyň yzyna düşüp gitdi.


Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».


Ynsan Ogly ýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendir» diýdi.


Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi.


Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym.


Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi.


Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.


Isa bolsa olara: «Meniň iýmäge zadym bar, ýöne siz ony bilmeýärsiňiz» diýdi.


Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin.


Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär.


Çünki Hudaýyň çöregi gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýändir» diýdi.


Çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni Ibereniň yradasyny berjaý etmek üçin gökden indim.


Meni Iberen Meniň bilendir, Ol Meni ýeke taşlap gitmedi. Sebäbi Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýdi.


Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ