9 Nikodim Ondan: «Bu nähili beýle bolup bilýär?» diýip sorady.
9 Никодим Ондан: «Бу нәхили бейле болуп билйәр?» дийип сорады.
Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.
Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.
Merýem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok ahyry» diýdi.
Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?!
Nikodim Oňa: «Garran adam nädip gaýtadan doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip, täzeden doglup bilmez ahyry!» diýdi.
Ýel islän tarapyna öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Mukaddes Ruhdan doglanlar hem şeýledir».
Onsoň ýahudylar: «Bu Adam Öz bedenini bize iýmäge nähili berip biler?» diýşip, özara jedelleşmäge başladylar.
Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim kabul edip biler?» diýişdi.