7 Saňa gaýtadan dogulmalysyň diýýänime geň galma.
7 Саңа гайтадан догулмалысың диййәниме гең галма.
Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Ynsandan doglan dogry bolup bilermi?
Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarkaňyz?
Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.
Bedenden doglan bedendir, Mukaddes Ruhdan doglan ruhdur.
Ýel islän tarapyna öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Mukaddes Ruhdan doglanlar hem şeýledir».
Muňa geň galmaň, sebäbi mazardakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagty geler.
Nurdaky Öz halkynyň mirasyna şärik bolmaga sizi doly mynasyp eden Ata Hudaýa şatlanyp şükür ediň.
Hemmeler bilen oňşukly boluň. Halal ýaşamaga dyrjaşyň, ýogsa Rebbi görüp bilmersiňiz.
Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.
Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.