Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 3:34 - Mukaddes Kitap

34 Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Худайың Иберени Худайың сөзлерини сөзлейәндир, себәби Худай Оңа Мукаддес Рухы өлчегсиз берйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 3:34
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder.


«Ine, Meniň saýlan Bendäm, göwnühoş bolup, Ony söýenim; Ruhumy Onuň üstüne goýaryn, Ol milletlere adalaty yglan eder.


Çünki Hudaýyň doly kämilligi bir beden kimin Mesihde ýaşaýar.


Çünki Atanyň ýaşaýyş berip bilşi ýaly, Ol Ogla-da ýaşaýyş bermek ygtyýaryny berdi.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Çünki Hudaý doly kämilliginiň Isada ornaşmagyny makul bildi.


Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňkidir.


Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi.


Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Kim Hudaýa degişli bolsa, Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, sebäbi siz Hudaýa degişli dälsiňiz».


Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.


Emma Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim siziň üçin bähbitdir. Men gitmesem, Hemaýatçy size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin.


Iordan derýasyndan geçenlerinden soň, Ylýas pygamber Elýaşa: «Hudaýyň meni ýanyňdan alyp gitmezinden öň, menden islän zadyňy sora» diýdi. Elýaşa: «Seniň yzyňy ýörederim ýaly, maňa öz ruhuňdan iki esse artyk ruh ber» diýdi.


Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler.


Ol maňa ýene-de şeýle diýdi: «Amala aşdy. Alfa we Omega, Başlangyç we Soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň gözbaşyndan mugt içirerin.


Emma siz Meni, ýagny Hudaýdan eşiden hakykaty aýdýan Ynsany öldürmekçi bolýarsyňyz. Ybraýym beýle iş etmändi.


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.


Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi.


Harunyň we onuň ogullarynyň Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmäge başlan günlerinden bäri Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalardan olara degişli paý şudur“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ