Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ол бир гүн гиҗе Исаның янына гелип: «Я Рабби, биз сениң Худайдан гелен бир мугаллымдыгыңы билйәрис. Чүнки Худайың Өзи сениң билен болмадык болса, бейле гудратлы аламатлары гөркезип билмездиң» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 3:2
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi.


Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


Sidkiýa patyşa gizlinlikde ant içip, Ýermeýa: «Bize bu jany beren diri Rebden ant içýärin, seni öldürmerin we janyňyň kastyna çykanlaryň eline seni bermerin» diýdi.


Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.


bazarlarda salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym“ diýmeklerini halaýandyrlar.


Siz özüňize „mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Mugallymyňyz bardyr. Siziň hemmäňiz dogansyňyz.


Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar.


Isa gaňrylyp, yzyna düşüp gelýänleri gördi-de, olardan: «Size näme gerek?» diýip sorady. Olar: «Rabbi, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. (Rabbi mugallym diýmekdir).


Eger-de Onuň işlerini edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, edýän işlerime ynanyň. Şonda Atanyň Mendedigini, Meniňem Atadadygyma anyk göz ýetirersiňiz».


Isa ýahudylaryň gözleriniň alnynda şunça köp gudratly alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler.


Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Size aýdýan sözlerimi Men Öz-Özümden aýtmaýaryn. Tersine, Mende ýaşaýan Atam Men arkaly Öz işlerini edýär.


Eger Men olaryň arasynda başga hiç kimiň başarmadyk gudratlaryny görkezmedik bolsam, günäde aýyply bolmazdylar. Indi bolsa eden gudratlarymy görseler-de, Meni hem, Atamy hem ýigrendiler.


Bu Isanyň ilkinji görkezen gudratly alamatydy. Ol muny Jeliläniň Kana şäherinde görkezip, Öz şöhratyny aýan etdi. Muny gören şägirtleri Oňa iman etdiler.


Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.)


Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Eý, mugallym, Iordanyň beýleki tarapynda sen bir Adam barada şaýatlyk edipdiň, ine, şol Adam halky suwa çümdürýär. Hemmeler Onuň ýanyna barýarlar» diýdiler.


Şu aralykda şägirtleri Isa: «Mugallym, çörek iýip otur!» diýip, hödür etdiler.


Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär.


Isanyň gudratlar arkaly hassalary sagaldandygyny gören uly mähelle Onuň yzyna düşdi.


Barybir mähelläniň köpüsi Oňa iman edip: «Mesih gelende, şunuňkydan köp gudratly alamat görkezermi?» diýşip pyşyrdaşdy.


Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady.


Meniň bu tussaglygym imandaky doganlarymyň köpüsini ruhlandyrdy. Olar gorkman, batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler.


Gidegon özüniň adamlaryndan onusyny ýanyna alyp geldi-de, Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi. Atasynyň öýündäkileriniň hem-de galanyň ilatynyň görerinden gorkup, Gidegon bu işi gije etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ