9 Olar gury ýere çykanlarynda, çörek we közüň üstünde bişip duran balyk gördüler.
9 Олар гуры ере чыканларында, чөрек ве көзүң үстүнде бишип дуран балык гөрдүлер.
Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.
Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar. Olaryň käbiri uzak ýerden gelipdir» diýdi.
Howanyň sowuk bolany üçin hyzmatkärler we garawullar ot ýakyp, çoýunyp durdular. Petrus hem olaryň ýanynda ýylnyp durdy.
Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi.
Isa olaryň ýanyna geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy hem şeýle etdi.
Beýleki şägirtler bolsa balykdan doly tory çekip, gaýyk bilen ýüzüp geldiler. Olar kenardan uzak däldiler, onuň iki ýüz ädim çemesi golaýyndadylar.
Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler.
«Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar. Emma şeýle uly mähellä bular nämejik bolar?» diýdi.