10 Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi.
10 Иса олара: «Инди тутан балыкларыңыздан гетириң» дийди.
Olar şatlykdan ýaňa henizem ynanyp bilmän, haýran galyp durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýip sorady.
Simun Petrus gaýyga münüp, içinde ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy.
Isa olaryň ýanyna geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy hem şeýle etdi.
Olar gury ýere çykanlarynda, çörek we közüň üstünde bişip duran balyk gördüler.
Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler.
«Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar. Emma şeýle uly mähellä bular nämejik bolar?» diýdi.