Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Isa oňa: «Eý, hatyn, munuň Maňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelenok» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Иса оңа: «Эй, хатын, мунуң Маңа нәме дахылы бар? Мениң вагтым энтек геленок» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 2:4
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa bolsa: «Seruýanyň ogullary, bu siziň işiňiz däl, ol gargaýan bolsa, diýmek, Reb oňa „Dawuda garga“ diýendir. Şeýle bolsa, onuň edenine däl diýip biljek barmy?» diýdi.


Emma Dawut şeýle diýdi: «Eý, Seruýanyň ogullary, bu günki gün meniň bilen duşman bolar ýaly, biziň aramyzda näme bar? Men bu gün özümiň Ysraýylyň şasydygymy bilmeýärinmi näme? Bu gün Ysraýylda hiç kim öldürilmez».


Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi.


Her zadyň öz möwriti bar, gögüň astynda her zadyň öz wagty bar:


Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy.


Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar.


Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi.


Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.


Şerap gutaryberende, ejesi Isa ýüzlenip: «Olaryň şeraby gutarypdyr» diýdi.


Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi.


Isa oňa: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merýem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý, aga, Ony mazardan sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi.


Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy.


Isa olara: «Meniň wagtym entek dolanok, ýöne siziň üçin islendik wagt pursatdyr.


Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl. Sebäbi Meniň wagtym entek dolanok» diýip jogap berdi.


Ol bu sözleri ybadathanada öwredýärkä sadaka gutusynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Ony tutjak bolmady, sebäbi Onuň wagty entek dolmandy.


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


Ol: „Ata-enem bar diýip, olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ