2 Isa bilen şägirtleri hem toýa çagyrylypdy.
2 Иса билен шәгиртлери хем тоя чагырылыпды.
Ol dawalaşmaz, sesini gataltmaz, köçelerde hiç kim Onuň sesini eşitmez.
Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.
Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi.
Bu wakadan soň Isa ejesi, inileri, şägirtleri bilen bile Kapernauma gidip, ol ýerde birnäçe gün galdy.
Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar.
Isa ölümden direlenden soň, şägirtleri Onuň bu aýdanyny ýatlap, Mukaddes Ýazgylara we Isanyň sözlerine ynandylar.
Şerap gutaryberende, ejesi Isa ýüzlenip: «Olaryň şeraby gutarypdyr» diýdi.
Şundan soň Isa şägirtleri bilen Ýahudyýa etrabyna gitdi. Isa olar bilen birnäçe wagtlap şol ýerde galdy we ol ýerde adamlary suwa çümdürdi.
Aslynda olary Isa däl-de, şägirtleri çümdürýärdi.
Onsoň şägirtleri: «Kimdir biri Oňa iýmäge zat getirip beren däldir-ä?» diýişdiler.
Isanyň şägirtleri bolsa iýmit satyn almak üçin şähere gidipdiler.
Olar doýanlaryndan soň, Isa şägirtlerine: «Galan-gaçanlary ýygnaşdyryň, hiç zat zaýalanmasyn» diýdi.
Agşamara Onuň şägirtleri kölüň boýuna geldiler.
Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim kabul edip biler?» diýişdi.
Şondan soň şägirtleriniň köpüsi Ondan ýüz öwürdiler we Onuň yzyna eýermegi bes etdiler.
Şonda Isa Onkilerden: «Siz hem Meni terk etmekçimisiňiz?» diýip sorady.
Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, araňyzdan biri iblisdir» diýip jogap berdi.
Ol muny Simun Iskariýodyň ogly Ýudany göz öňünde tutup aýtdy. Sebäbi Ýudas Onkileriň biri bolsa-da, soňra Isa haýynlyk etdi.
Şägirtlerden biri, Simun Petrusyň dogany Andrys Oňa:
Şonuň üçin Isanyň inileri Oňa: «Bu ýerden çykyp, Ýahudyýa git, edýän işleriňi şägirtleriň görsün.
Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.
Şonda şägirtleriň ählisi güýçleriniň ýetdiginden ýahudyýaly doganlara goldaw üçin pul ýollamagy karar etdiler.
Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.
Aýal äri ölýänçä, oňa baglydyr. Äri ölse, öz islänine barmaga ygtyýarlydyr. Ýöne onuň barjagy Rebbe iman edýän bolmalydyr.
Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.
Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.
Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.