Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Bu Isanyň ilkinji görkezen gudratly alamatydy. Ol muny Jeliläniň Kana şäherinde görkezip, Öz şöhratyny aýan etdi. Muny gören şägirtleri Oňa iman etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Бу Исаның илкинҗи гөркезен гудратлы аламатыды. Ол муны Җелиләниң Кана шәхеринде гөркезип, Өз шөхратыны аян этди. Муны гөрен шәгиртлери Оңа иман этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 2:11
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi.


Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!


Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär, töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar.


Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler.


Eger olar bu görkezen iki alamatyňa-da ynanmasalar ýa-da saňa gulak asmasalar, onda Nil derýasyndan biraz suw getirip, ony gury ýere dök. Şol getiren suwuň gury ýerde gana öwrüler» diýdi.


Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.


Ertesi gün Isa Jelilä gitmegi ýüregine düwdi. Ol Filipi tapyp: «Meniň yzyma düş!» diýdi.


Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagynda gördüm diýenim üçin iman edýärsiňmi? Sen mundan-da beýik işleri görersiň» diýdi.


Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili gudratly alamat görkezmese-de, onuň bu Adam hakdaky aýdanlarynyň bary dogry eken» diýişdiler.


Iman etmegiňiz üçin, Men siziň hatyraňyza ol ýerde bolmandygyma begenýärin. Indi bolsa, ýörüň, onuň ýanyna gideliň».


Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär.


Şonuň üçin Isanyň görkezen bu gudraty barada eşiden köp adamlar Ony garşylamaga çykdylar.


Isa ýahudylaryň gözleriniň alnynda şunça köp gudratly alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler.


Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr.


Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin.


Çünki Atamyň Özi sizi söýýär, sebäbi siz Meni söýüp, Meniň Hudaýdan gelendigime ynandyňyz.


Seniň ähli zatlary bilýändigiňe biz indi düşündik. Saňa sorag bermegiň geregi ýok. Indi biz Seniň Hudaýdan gelendigiňe ynanýarys» diýdiler.


Şondan iki gün geçensoň, Jeliläniň Kana şäherinde toý boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi.


Isa Iýerusalimde Pesah baýramynda bolanda, köp adamlar Onuň görkezen gudratlaryny görüp, Oňa iman etdiler.


Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.


Isa fariseýleriň Özi hakynda eşidendigini bilende, Ýahudyýany taşlap, ýene-de Jelilä gaýtdy.


Şeýlelikde, Isa ýene-de Özüniň suwy şeraba öwren ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Şol wagt Kapernaumda bir köşk emeldarynyň ogly keselläp ýatyrdy.


Bu Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenden soň görkezen ikinji gudratly alamatydy.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Isanyň bu gudratly alamatyny gören adamlar: «Hakykatdan-da, dünýä gelmeli pygamber Şudur» diýdiler.


Isanyň gudratlar arkaly hassalary sagaldandygyny gören uly mähelle Onuň yzyna düşdi.


Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, siz Meni gudrat göreniňiz üçin däl-de, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz.


Olar ýene-de: «Görüp, Saňa iman ederimiz ýaly, Sen nähili gudratly alamat görkezersiň? Hany, näme edersiň?


Barybir mähelläniň köpüsi Oňa iman edip: «Mesih gelende, şunuňkydan köp gudratly alamat görkezermi?» diýşip pyşyrdaşdy.


Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi.


Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.


Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar.


Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.


maňa şeýle diýdiňiz: „Ine, Hudaýymyz Reb bize Öz şöhratyny we beýikligini görkezdi. Biz Onuň ot içinden çykýan sesini eşitdik. Bu gün biz Hudaý ynsan bilen gepleşse-de, ynsanyň diri galyp biljek ekendigini gördük.


Men muny size, Hudaýyň Ogluna iman edenlere ýazdym. Şeýlelikde, şuny bilip goýuň: Hudaýyň Ogluna iman eden sizde baky ýaşaýyş bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ