Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 17:9 - Mukaddes Kitap

9 Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Олар үчин Саңа ялбарярын. Дүнйә үчин дәл-де, Маңа берен адамларың үчин ялбарярын, чүнки олар Сениңкидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 17:9
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi.


Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.


Bolan zady görenlerinde, çopanlar gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler.


Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy,


Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin.


Men diňe olar üçin däl, eýsem olaryň wagzy bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin.


Dünýäden Özüme beren adamlaryňa Seniň adyňy aýan etdim. Olar Seniňkidir we Sen olary Maňa berdiň, olar Seniň sözüňi berjaý etdiler.


Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn.


Meni Ibereniň yradasy bolsa, Onuň Özüme berenleriniň hiç birini ýitirmän, olary ahyrky gün gaýtadan direltmegimdir.


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi.


Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ