„Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar» diýdi.
Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär.
Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.