Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 17:1 - Mukaddes Kitap

1 Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бу затлары айдансоң, Иса гөзлерини гөге дикип, шейле дийди: «Эй, Атам, пурсат гелди. Оглуңы шөхратландыр, Оглуң хем Сени шөхратландырсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 17:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi.


Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz.


Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Isa muny eşidip: «Bu kesel onuň ölmegi üçin däl-de, Hudaýyň şöhratlanyp, bu arkaly Hudaýyň Oglunyň şöhrat gazanmagy üçindir».


Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.


«Eger Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, näme bolardy? – eý, Ysraýyl, jogap ber şuňa! –


Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.


Ol bu sözleri ybadathanada öwredýärkä sadaka gutusynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Ony tutjak bolmady, sebäbi Onuň wagty entek dolmandy.


Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy.


Ine, wagt geler, eýýäm geldi hem, ähliňiz öýli-öýüňize dargaşyp gidersiňiz. Meni ýeke taşlap gidersiňiz. Emma Men ýeke däldirin, sebäbi Atam Meniň bilendir.


Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.


Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi.


Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär.


Garlawaç, durna kimin gygyrdym, gumry kimin iňledim, gözlerim göge bakmakdan ýadady. Ýa Reb, men zulum içinde, dadyma ýetiş!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ