Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 16:3 - Mukaddes Kitap

3 Olar bu işleri Atam bilen Meni tanamaýandyklary üçin ederler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Олар бу ишлери Атам билен Мени танамаяндыклары үчин эдерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 16:3
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir» diýdi.


Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym üçin ederler, sebäbi olar Meni Ibereni tanamaýarlar.


Meni ýigrenýän Meniň Atamy-da ýigrenýändir.


Eý, adalatly Ata, dünýä Seni tanamaýar, emma Men Seni tanaýaryn. Bu adamlar hem Meni Seniň iberendigiňi bilýärler.


Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.


Onsoň Isadan: «Seniň Ataň nirede?» diýip soradylar. Isa olara: «Siz ne Meni tanaýarsyňyz, ne-de Meniň Atamy. Meni tanaýan bolsadyňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» diýdi.


Ýöne siz Ony tanamaýarsyňyz, Men Ony tanaýaryn. Eger Ony tanamaýaryn diýsem, onda Men hem siziň ýaly ýalançy bolaryn. Emma Men Ony tanaýaryn we Onuň sözüni ýerine ýetirýärin.


Eý, dostlar, edil öz ýolbaşçylaryňyz ýaly, siziň-de düşünmezlikden şeýle hereket edendigiňizi bilýärin.


Bu danalyga dünýä ygtyýarlylarynyň hiç biri düşünmedi. Çünki düşünen bolsadylar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Ogly inkär edýän adamda Ata ýokdur. Emma Ogly ykrar edýän adamda welin Ata bardyr.


Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! Ol bizi Öz perzentleri diýip atlandyrýar. Dogrudan-da, biz Onuň perzentleridiris! Dünýä Hudaýy tanamansoň, bizi-de tanamaýar.


Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanaýan däldir, sebäbi Hudaý söýgüdir.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ