Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 16:2 - Mukaddes Kitap

2 Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Сизи синагогалардан коварлар. Шейле бир дөвүр гелер, сизи өлдүрмек билен хер бир киши Худая хызмат эдйәндирин өйдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 16:2
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men Senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.


Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».


Halkyň arasyndaky akylly adamlar köp kişilere akyl-paýhas bererler, emma birnäçe günüň dowamynda olary gylyçdan geçirerler, otda ýakarlar we sürgün edip talarlar.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler.


Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagty, size sögüp, adyňyzy garalan wagty bagtlysyňyz!


Muňa garamazdan, mejlisiň agzalarynyň köpüsi Oňa iman etdi, emma fariseýler zerarly muny açyk yglan etmediler, sebäbi olar sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar.


Men bu zatlary size tymsallar arkaly aýtdym, ýöne wagt geler, Men tymsallar bilen geplemän, Atam barada aç-açan gürrüň bererin.


Ine, wagt geler, eýýäm geldi hem, ähliňiz öýli-öýüňize dargaşyp gidersiňiz. Meni ýeke taşlap gidersiňiz. Emma Men ýeke däldirin, sebäbi Atam Meniň bilendir.


Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, zenan, Maňa ynan, şeýle bir wagt geler, şonda Ata Hudaýa ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz.


Emma şeýle bir wagt geler, hakyky sežde edýänler Ata ruhda we hakykatda sežde ederler. Ol wagt eýýäm geldi! Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar.


Onuň ejesi bilen kakasy ýahudylaryň baştutanlaryndan gorkularyna şeýle diýdiler. Sebäbi ýahudylar Isanyň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler.


Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize akyl satýarmyň?» diýdiler. Şeýlelikde, ony sinagogadan kowup çykardylar.


Mejlisiň agzalary muny eşidende gahar-gazaba münüp, olary öldürmegiň küýüne düşdüler.


Stefan: «Serediň, men gökleriň açylanyny we Hudaýyň sagynda duran Ynsan Ogluny görýärin» diýdi.


Bize myjabat ýöňkänlerinde, mylaýymlyk bilen jogap berýäris. Biz şu pursada çenli ýer ýüzüniň çöp-çöri, dünýäniň zir-zibili kimin bolandyrys.


Din ugrundaky yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim. Mukaddes Kanuna daýanýan dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.


Guzy bäşinji möhüri döwende, gurbanlyk sypasynyň aşagynda Hudaýyň Hoş Habary ugrunda we eden şaýatlyklary üçin öldürilenleriň janlaryny gördüm.


Adamlar Ýowaşa: «Ogluňy daşary çykar, ol ölmeli, sebäbi Bagalyň gurbanlyk sypasyny ýykypdyr, onuň ýanyndaky Aşera butuny çapypdyr» diýdiler


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ