Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 15:4 - Mukaddes Kitap

4 Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Менде яшаң, Мен хем сизде яшайын. Үзүм агаҗындан айрылан шаха өз-өзүнден миве берип билмейши ялы, Менден айрылсаңыз, сиз хем миве берип билмерсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 15:4
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Men Hudaýa sygynyp ýaşaýaryn» diýýän adam Isa Mesihiň ýaşaýşy ýaly ýaşamalydyr.


indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.


Onsoň Isa Özüne iman eden ýahudylara: «Meniň sözümi berjaý etseňiz, hakykatdan hem, Meniň şägirtlerim bolarsyňyz;


Ýoluny urduryp, Mesih hakdaky taglymatdan daşlaşan adamda Hudaý ýokdur. Emma bu taglymat boýunça ýaşaýan adamda Ata-da, Ogul-da bardyr.


Meniň bedenimi iýip, ganymy içýän Mende ýaşar, Men hem onda.


Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.


Şol gün Meniň Atadadygymy, siziň Mendedigiňizi, Meniň-de sizdedigime göz ýetirersiňiz.


Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.


Imanda mäkäm durup-durmaýanlygyňyzy bilmek üçin, özüňizi synap görüň. Eýsem siz Isa Mesihiň araňyzdadygyny bilmeýäňizmi? Ýa-da siz synagdan geçmeýänlerdenmi?


Şeýlelikde, Isa Mesihi Rebbiňiz hökmünde kabul edişiňiz ýaly, Onuň görkezen ýoly bilen ýöräň.


Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Men olardadyryn, Sen bolsa Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütewi birlikde bolsunlar.


Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar. Bugdaý kimin bol bolarlar. Üzüm ýaly güllärler. Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.


Isa Mesih imanyňyz arkaly ýürekleriňizde ýaşasyn. Şeýle-de, men söýginiň sizde kök urup ornaşmagyny, Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna Hudaýyň ähli halky bilen birlikde düşünmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Şoňa görä-de, mundan artyk çydap bilmän, imanyňyzdan habar almak üçin, men Timoteosy ýanyňyza iberdim. Çünki azdyryjy şeýtanyň haýsydyr bir ýol bilen sizi azdyryp, azabymyzyň biderek bolaryndan gorkdum.


Ýaryna söýenip, çölden çykyp gelýän kim? Alma agajynyň astynda oýardym seni. Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni, ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.


Biz imandan dänip, heläk bolýan däl-de, imanymyza sadyk bolup, halas bolýan adamlardandyrys.


Oňat agaç ekiň, onuň miwesi-de oňat bolar, erbet agaç ekseňiz, erbet miwe alarsyňyz, sebäbi agaç miwesinden tanalýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ