Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 13:3 - Mukaddes Kitap

3 Isa Atasynyň ähli zady Öz ygtyýaryna berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gitjekdigini bilýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Иса Атасының әхли зады Өз ыгтыярына берендигини, Өзүниң Худайдан гелип, Худая гитҗекдигини билйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 13:3
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir» diýdi.


Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.


Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.


Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin.


Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen Ynsan Ogly çykandyr.


Ata Ogly söýýär we Ol hemme zady Onuň eline tabşyrandyr.


Men Ony tanaýaryn, sebäbi Men Ondan gelendirin. Meni iberen Oldur».


Isa: «Men ýene az salym siziň ýanyňyzda bolup, soňra Özümi Ibereniň ýanyna giderin.


Isa olara: «Men Öz-Özüme şaýatlyk edýän hem bolsam, Meniň şaýatlygym hakdyr. Sebäbi Men nireden gelip, nirä barýanymy bilýärin, ýöne Meniň nireden gelenimi ýa nirä barýanymy siz bilmeýärsiňiz.


Isa olara şeýle diýdi: «Eger Ataňyz Hudaý bolsa, onda Meni söýerdiňiz, sebäbi Men Hudaýdan geldim, Öz-Özümden gelmedim, Meni Ol iberdi.


Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».


Çünki Hudaý «ähli zady Onuň aýagynyň astynda goýdy». Hawa, Hudaý ähli zady Mesihiň aýak astynda goýdy. Ýöne «ähli zady» diýlende, munuň Hudaýa degişli däldigi mese-mälimdir.


Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ