Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 11:3 - Mukaddes Kitap

3 Şeýlelikde, uýalar: «Agam, Seniň eziz dostuň kesel ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Шейлеликде, уялар: «Агам, Сениң эзиз достуң кесел ятыр» дийип, Иса хабар ёлладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 11:3
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.


Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.


Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.


Beýtaniýa obasynda Lazar atly bir adam keselläp ýatyrdy. Onuň uýalary Merýem bilen Marta hem şol obada ýaşaýardylar.


Soňra Isa olara ýene-de: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr. Men şony oýarmak üçin gidýärin» diýdi.


Reb Isa hoşboý ysly ýag guýup, Onuň aýagyny saçy bilen süpüren aýal şol Merýemdi. Hawa, kesel ýatan Lazar Merýemiň doganydy.


Marta Isa: «Eý, Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi.


Şonda ýahudylar: «Serediň, Ol ony nähili gowy görýän eken!» diýişdiler.


Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi.


Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn.


Saçak başynda şägirtlerden biri Isa ýaplanyp otyrdy. Ol Isanyň söýgüli şägirdidi.


Erast Korintosda galdy. Trofymy bolsa ýarawsyzlygy sebäpli Militosda galdyrmaly boldum.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ