Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 10:4 - Mukaddes Kitap

4 Çopan goýunlaryny agyldan alyp çykandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa, onuň yzyna düşýändirler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Чопан гоюнларыны агылдан алып чыкандан соң, оларың өңүнден йөрейәндир, онуң сесини танаян гоюнлар болса, онуң ызына дүшйәндирлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 10:4
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär.


Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».


Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.


Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.


Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.


Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr.


Olar kesekiniň yzyna düşýän däldirler, ondan gaçýandyrlar, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler».


Menden öň gelenleriň ählisi ogrudylar hem garakçydylar, goýunlar olara gulak asmadylar.


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Meniň size edenimi, siz hem biri-biriňize edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim.


Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi.


Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.


Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.


Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň.


Müsürde we çölde edil gözüňiziň alnynda siziň üçin söweşişi ýaly, ýene-de öňüňizden ýöräp, siziň üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebdir.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


Isa bize ýol açmak üçin, ol ýere ilkinji bolup girip, Mäliksadyk derejesindäki müdimilik Baş Ruhanymyz boldy.


Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy.


Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz.


Gol astyňyzdakylara agalyk etmezden, ýagşy görelde görkeziň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ